• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Millionlap OLED ekrany öndüriler

Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy diňe smartfon ýa-da elektron enjamlarynyň önümçiligi bilen däl, eýsem, şeýle enjamlary öndürýän beýleki kompaniýalar üçin çipleri we ekranlary öndürmegi bilen hem tapawutlanýar. “The Wall Street Journal” neşiriniň Jytaý nusgasynyň habaryna görä, amerikan “Apple” kompaniýasy “Samsung”-a 100 million AMOLED ekranyny sargyt edipdir. Bilermenler amerikan kompaniýasynyň özüniň täze enjamlarynda OLED panellerini ulanjakdygyny çaklaýarlar. 2017-nji ýylda tanyşdyrylmagy göz öňünde tutulýan “iPhone 7s” modellerinde hem bu tehnologiýadan peýdalanylmagyna garaşylýar. “Apple” mundan ozal öz sagatlarynda hem bu tehnologiýany ulanypdy.