• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

MICROSOFT sizi nädip yzarlaýar we ony nädip saklamaly?

Bu makalada sizi nähili yzarlaýandygy we Microsoftyň siziň IP sakgyňyzy özüňizden birugsat almaklygyny duruzmak barada düşündireris.

Microsoft Sizi nädip yzarlaýar?

Soragyň jogaby ýönekeý, NCSI-niň kömegi bilen (tora baglanmak üçin indikatoryň ýagdaýy)

Biz näme üçin o hakda alada etmeli?
Ýagny... biz her gezek kompýuterimizi internete baglanymyzda, windows awtomatiki ýagdaýda Internete baglanma prosessini barlaýar.

Şeýlelik bilen, her gezek baglananymyzda, biziň kompýuterimiz  Microsoftyň serwerine (131.107.255.255 we dns.msftncsi.com) NCSI tekstli faýlda baglanandygy barada talap (zapros) ugradýar.

Bu tekst faýly şu ýerde ýerleşen bolmaly:
http://www.msftncsi.com/ncsi.txt

Gysagaça aýdanyňda ...

Olar ony şifrlenen görnüşde saklaýarlar, her gezek internete baglananda žurnallar olaryň serwerlerinde bolýar. Bu žurnalda girilen wagty we IP salgylar bardyr.

Olar bu hakda näme diýýärler?

Şeý diýýäler: “Bu IP salgylar ulanyjylary identifikasiýa etmeklik üçin ulanylanok, köp ýagdaýlarda olar tor salgylarynyň translýasiýa salgysy (NAT), kompýuter ýa-da proksi serwer”.

Ýöne bu ýerde sorag bar... bizden beýle maglumatlar Microsofta näme üçin gerek?
Eýsem-de bu yzarlaýjy ulgam dalmi? Onda biz Size ony nädip saklamalydygyny görkezeliň!

Bellik: Kompýuterde öň reýestr bilen işlemedik bolsaňyz, seresap boluň!
Onda siz aşakdakylary göz aýlaň:
1) REGEDIT açyň we Enter basyň
2) HKEY_LOCAL_MACHINE giriň
3 SYSTEM diýilýän ýere basyň
4) CurrentControlSet basyň
5) Services basyň
6) NLaSvc basyň
7) Parameters basyň
8) Internet basyň
9) Penjiräniň  sag tarapynda "EnableActiveProibing" diýilýän ýere iki sapar basyň we  peýda bolan penjirede “set his Value” diýilýän ýerini "0" öwüriň.

Howpsuzlygyňyzy güýçlendiresiňiz gelýämi?
Onda ýene-de öçürmeli zadyňyz bar!

Indiki ädimleri ýerine ýetiriň:
Win+R düwa basyň we gpedit.msc  ýazgy bilen peýda bolan penjirä girmeli.

  1. Peýda bolan penjirede Local Computer Policy > Computer Configuration > Administrative Templates > System > Internet Communication Management > Internet Communication Settings diýilýän ýerine giriň.
  2. "Windows Network Connectivity Status Indicator active tests" diýip duran bolsa, şony OFF ediň, ýagny öçüriň.

Siz häzirem birahat bolýaňyzmy?!

Ýöne siz el bilen (вручную) IP salgylary we domenleri HOSTS faýlyna girip öçürip bilersiňiz.

  1. c:windowssystem32driversetchosts
  2. “hosts” favlyny Notepad – Блокнот programmalary bilen açyň
  3. Şu aşakdaky setirleri gaýlyň iň soňunda goýuň:
    127.0.0.1 msftncsi.com
    127.0.0.1 131.107.255.255
    127.0.0.1 dns.msftncsi.com
  4. Indi näme? Elbetde siz muny ýatda saklatmaly (сохранить)
     

Gutlaýan! Indi Siz Microsoft-a öz maglumatlaryňyzy ibermersiňiz.