• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

iOS8 we iOS9 deňeşdirdik

Apple mobil operasion ulgamynyň täze wersiýasy bolan iOS9-yň  iOS8-e täze goşmaçalary we tapawutlylygy:

Apple täze iOS9 mobil operasion ulgamyny Kaliforniýanyň San Fransisko şäherindäki WWDC 2015 konferensiýasynda mälim etdi. iPhone we iPad enjamlaryň täze sistemasy bolan iOS9 özünden öňki iOS8-e garanyňda az täzelik hödür etdi. Emma iki sistemanyň arasynda käbir tapawutlar bar. Aşakda bu üýgeşiklere seredeliň.

Siri

iOS9 bilen bilelikde Siri programmasynyňam görnüşi üýtgeýär. Emma esasy üýtgeşiklik arka planda bolup geçýär. Täze interfeýs programmany gowy görnüşde görkezýär we indi kän soraga jogap berip bilýär. “Maňa geçen awgust aýynda Utahda düşen suratlarymy görkez”, “ulagyma münenimde kofemi almagy ýatlat”, “1982-nji ýyllaryň aýdymlaryny aýtdyr”, Apple-yň sahnada görkezen mysallarynyň käbirleri.

iOS 8-de siziň buýrugyňyza garaşýan assistent bolan Siri, iOS 9-da bolsa “proactive”, ýagny etjek işleriňizi öňünden çaklap size şoňa görä habar edýän assistent ýagdaýyna gelýär. Gysgaça Apple ýagdaýa, senä we sagada ýaramly maglumatlar berip Google Now-a bäsdeş bolýanlygyny aňladýar.

Spotlight gözlegi

Täze Siri iPhone we iPad-daky Spotlight gözleg işine-de täsir edýär. Şeýlelik bilen Spotlight gözleg ekranynda programmalary hödürlemek, esasy adamlar we duran ýerine görä aýratyn maglumatlar berip bilýär. Gözleg ekranyna barmak üçin esasy ekrany çepe çekmegiňiz ýeterlik bolýar. Hasam bu funksiýa gözlegdäki wideolary görmeklige ýardam berýär.

Apple Pay

Angliýada täze açyljak bolýan mobil töleg sistemasy iOS 9-da sowgat kartlaryňyzy we kredit kartlaryňyzy ýatda saklamaga rugsat berýär. Kartlaryňyzyň maglumatlary indi Passbook-da däl-de Wallet-de ýerleşer.

Kartalar

Karta programmasynda iOS 8-e garanyňda kän bir üýtgeşiklik ýok, emma iOS 9-da köpçülikleýin ulag serişdeleri bilen bagly üýtgeşmeler bar. Kartada demirýol, metro, awtobus we ýöriş maglumatlary görkezilýär.

Batareýanyň ömri

iOS 8-de zarýady tygşytlajak bolsaňyz WiFi we Bluetooth ýaly işleri özüňiz ýapmaly bolýarsyňyz, iOS 9-da “az güýç moduly” bilen bular üýtgeýär. Apple bu täze moduly adaty ulanyşdan goşmaça 3 sagat artykmaç ulanmaga rugsat berýär.

Sazlaşyk

Umuman täze iOS-lar önki Apple enjamlaryny taşlatmak bilen tanalýar, emma iOS 9-da bular ýaly däl. iOS 8 bilen işleýän hemme enjamlar iOS 9-a geçip bilýärler.