• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Elektron sagady ýada salýar

Soňky wagtda goşara dakylýan enjamlaryň köpelmegi bilen goşar sagatlaryna bolan isleg birneme pese gaçypdy. Mobil enjamlar bilen sazlaşykly işleýän bu sagatlaryň has köp aýratynlygy bar. Emma köp adam mehaniki goşar sagady bilen hoşlaşmak islemeýär. Şol sebäpli elektron enjamlaryny öndüriji firmalar onlarça  ýyl bäri sagat öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmegi makul bilipdi. Emma “H.Moser&Cie” atly gymmat abahaly sagatlary öndürýän şereket elektron sagady ýada salýan mehaniki sagat öndürdi. “Swiss Alp Watch” atly sagadyň daşky görnüşi “Apple Watch”-a meňzeýär. 24900 dollardan satuwa çykarylan sagatdan bary-ýogy 50 sanysy öndüriljekdigi mälim edildi. Iki asyr bäri sagat önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýa öz tejribesini bu enjamynda mese-mälim äşgär edýär.