• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Google - 20 ýaşady

Internet  diýlende,  ilki ýadyňa düşýän “Google” saýtynyň  döredilenine 20 ýyl boldy. Häzirki wagtda bazar gymmaty 800 milliard dollar ýeten kompaniýanyň paýnamalary Nýu-Ýorkdaky NASDAQ tehnologiýa biržasynda hereket edýär. Gözleg saýtyny döretmek baradaky piker 1996-njy ýylda Kaliforniýada peýda bolýar. Stenford uniwersitetinde bilim alýan iki diňleýjiniň (Lerri  Peýç we Sergeý Brin) ylmy iş hökmünde taýýarlan taslamasynda ulanyjylara islän zadyny tapyp bermek göz öňünde tutulýar. Olar haýsy sahypanyň näçe gezek görkezilendigine görä taýýarlanan gözleg usullarynyň deregine “PageRank” tehnologiýasyndan peýdalanýan we her  saýtdan belli kada görä tema gözleýän täze ulgam döredýärler. Şeýlelikde, 1998-nji ýylda şereket hökmünde döredilen we domen salgysy satyn alnan Google”  wagtyň geçmegi bilen ägirt uly kompaniýa  wrülýär. Ilki  urlan  mahaly internetiň şol mahalky iň köp ulanylýan kodlama ulgamy bolan HTML arkaly işleri amala aşyran“Google”,  soňlugy bilen birnäçe algoritmi we  lgamy öz içine alyp, has köp mümkinçilik hödürläp başlaýar. 2001-nji ýylda onuň ulanyjylarynyň sany 1  milliarddan geçýär. Soňlugy bilen, “Yahoo”  ýaly şol döwrüňiň köp peýdalanylýan saýtlaryndan  ozduryp, gözleg saýtlarynyň çür depesine  çykýar. 2004-nji ýylda bahasy 85 dollar bolan paýnamasy häzirki wagtda 700 dollardan geçdi. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýasyna öwrülen “Google” “Android” amaly ulgamy bilen dünýäniň mobil bazarynda “Apple” bilen bäsleşýär. Şeýle hem karta, mahabat, terjime, electron poçta, social media ýaly birnäçe ugurda iş alyp barýar. Onuň girdejileriniň esasy bölegini mahabatdan alnan tölegler emelegetirýär. Ol internet we electron ulgamdaky çägini  yzygiderli giňeldýär. 2006-njy ýylda “YouTube” saýtyny satyn almagy bilen has iri kompaniýalaryň hataryna goşulýar. Kompaniýanyň esasy maksady bolan gözleg  saýty bolsa, bäsdeşlerinden öňe saýlanýar.