• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Gaýtadan çap edildi

Golaýda ABŞ-nyň “Duke University Press” neşirýaty amerikan romançysy,dramaturgy we jemagatşynasy Jeýms Artur Bolduiniň çagalara niýetläp ýazan “Little Man, Little Man” (Kiçi adam, kiçi adam) atly ýeke- täk kitabyny 30 ýyldan soňra gaýtadan neşir etdi. “The New York Times” neşiriniň habaryna görä, eser zak wagtlap unudylypdyr. Eserde 4 ýaşly aýdym- sazyň we top oýnamagyň muşdagy bolan gara tenli oglanjygyň gören görgüleri barada gürrüň berilýär. Jeýms Bolduin  1924-nji ýylyň 2-nji awgustynda Nýu- orkuň Garlemet rabynda dünýä inýär we ruhany kakalygynyň elinde ulalýar. Ol çagalygyny we ýaşlygyny Nýu-Ýorkuň Garlem we Grinwiç- Willij etraplarynda geçirip, özüniň daş-töwereginde bolup geçýän ýagdaýlara garaýşy barada ýazyp başlaýar. Onuň ilkinji çeper romany “Go Tell It on the Mountain” (Gitde daglara habar ber) romany baýraga mynasyp bolýar. Ýazyjy 1948-nji ýylda Pariže göçüp  gelýär.Onuň iň  sasy eserleriniň biri Senanyň kenarynda ýazylyp, Bolduin bu ýerde ömrüniň ahyryna çenli ýaşaýar. Ol  1987-nji ýylyň 30-njy noýabrynda aradan çykýar.