Argentinada pizza çöregini taýýarlamakda rekord
hasaba alyndy. Bir gije-gündiziň dowamynda argentinaly
aşpezler 11 müň pizza taýýarlap, Ginnesiň rekordlar kitabyna
atlaryny ýazdyrdylar. Bu rekordy gazanmak üçin 400-e golaý aşpez
yhlasly zähmet çekdi. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, olara birnäçe
tonna peýnir hem-de hamyr gerek boldy.
– Biz 3000 kilogram un we şonça mukdarda-da peýnir jemledik. Tagamlary
taýýarlamak üçin 1 müň litrden gowrak pomidor goýultmasy, 150 litr ýag we
88 müň sany zeýtun gerek boldy – diýip, Argentinanyň pizza federasiýasynyň
başlygy Manuel Kamargo gürrüň berýär. Aşpezleriň taýýarlan ähli pizza
çörekleri haýyr-sahawat guramalaryna iberildi.