• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Wagty saklap bolarmy?

Şeýleräk pikirleneliň,

Dünýäniň daşyndan gündogar tarapa uçar bilen hereket edýärsiňiz. Sagat ekwador çyzygynda köpräk bolandygy üçin aralyk 1000 milliden biraz ýokarda, emma ortaça 1000 milli/ýagny sagat 1609 km/tizlik sagatda uçýan uçar bilen hereket edýäris diýeliň, öýlän sagat 12:00-da syýahat etmäge başlalyň, sagat 12:59-da beýleki sagada geçeris we şol ýerde sagat ýene 12:00-y görkezer. Şeýlelikde syýahat etsek elmydama sagat 12:00-da galar.
Güne görä duran ýerimizi pikirlensek, dünýäniň daşymyzda aýlanma tizligi bilen şol tizlikde, emma şol ugurdan terse hereket etdigimiz bolar, al-asmana syn etsek günüň asmanda şol bir ýerde durýandygyny göreris. Elbetde şeýle bolýan bolsa, hereket eden günümizden soňra birnäçe hepdeläp uçup bilýän bolsak, şol bir wagtda ömürlik galsa bolarmy?
Ýok. Güniň şol bir wagtynda ýaşardyk, ýagny günläp sagat 12:00-da günüň dik depämizdäki ýagdaýynda ýaşasa bolardy, ýöne halkara sagat çyzyga (Demirgazykdan gündogara, ýuwaş okeýandan geçýän çyzyk we Grinwiçe görä dünýäniň edil yzyndan geçýäne) görä täze sagat 12:00-a gabat gelýär hem-de bir gün artyk bolýar. Gysgaça aýtsak elmydama gündiz ýaşap, wagty gorap, şol bir wagtda ýaşap bileris, emma günleriň geçmegini saklap bilmeris.