• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

iPhone suwa gaçsa näme etmeli?

Eger siziň iPhone-yňyz suwa gaçsa name etmelidigini bilmän tolgunmagyňyz mümkin. Hiç hili aljyramaň we tiz ýagdaýda şu aşakdaky ädimleri ýerine ýetiriň. iPhone-yňyzyň işlemegi siziň etjek hereketleriňize bagly, bolmasa-da ýene Nokia 3310 ulanmaly bolarsyňyz ))), (elbetde degişme).

Ädim 1: Hiç bir ýagdaýda iPhonyňyzy açmaň. Bilýän eliňiz gijäp durandyr açmak üçin, emma çyg enjamy işletmek bilen siz onuň işlemezlik howpuny artdyrarsyňyz.

Ädim 2: Gury salfetka bilen suwuň galan ýerlerini nauşnigiň, tok çeşmesiniň öýjüginden süpürip arassalaň.

Ädim 3: Başarsaňyz saç guradyjyny ulanmaň. Ulanaýan ýagdaýyňyzda-da iň pes gyzgynlygynda goýup işlediň, bolmasa enjamyň platasyny gyzdyryp käbir ynjyk enjamlaryň ýanmagyna sebäp bolarsyňyz. Şeýle hem feniň üfleýän howasynyň täsiri bilen siz suwy hasam baryp bolmajak ýerlere iterip bilersiňiz.

Ädim 4:  Indi iň soňky etmeli işiňiz olam suwa gaçan enjamyňyzy bir gaba salyp gury tüwi bilen dolduryp goýuň. Enjamyňyzy gapda 24 sagat saklaň. Diýlen wagtdan soň enjamyňyzy alyp işledip  görüň, işlemedik ýagdaýynda tok çeşmesine dakyp goýuň, 5-10 minut garaşyň we täzeden işlediň, eger ýene-de işlemedik ýagdaýynda serwis merkezlerine görkeziň.