• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“TÜRKMENHOWAÝOLLARY” GULLUGYNYŇ HOWA ULAGLARYNYŇ IŞGÄRLERINI TAÝÝARLAÝAN MEKDEBI

2017/2018-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Howa menzilleriniň radiotehniki enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy.

2. Howa menzilleriniň elektrotehniki yşyklandyryş ulgamynyň tehniki taýdan ulanylyşy.

3. Awiasiýada ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek.

4. Aerodromlaryň tehniki taýdan ulanylyşy.

5. Awiasiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmek.

6. Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy.

7. Howa gämileriniň we awiadwigatelleriniň tehniki taýdan ulanylyşy.

8. Binalaryň we desgalaryň gurluşygy hem-de ulanylyşy.

9. Awiasiýada gatnawy guraýyş.

10. Awiasiýada ýangyç- çalgy serişdeleriniň öndürilişi, saklanylyşy, daşalyşy, guýulyşy we olaryň hil barlagy. Mekdebe Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik, erkek jynsly, harby bileti bolanlar, saglyk ýagdaýy raýat awiasiýasynyň tehniki işine ýaramly oglanlar, “Awiasiýanyň howpuzlygyny üpjün etmek”, “Awiasiýada gatnawy guraýyş” hünärlerine ýaşy 18-den 23-e çenli gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda Kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli. Kabul edilýänleriň ýaşy we iş  tejribesi 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar. Resmi iş    kagyzlary Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-njy iýulyndan 17-nji  awgusty aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

 —  bellenilen nusga boýunça Mekdebiň başlygynyň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— narkologik hem-de psihonewralogik dispanserlerden güwähat;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl  nusgasyny tabşyrýar.

 — şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny.Dalaşgär talyplyga Kabul edilmek  üçin  artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlin maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Okuwa girýänler saýlap alan hünärine laýyklykda lukmançylyk we psihologik taýdan seçip saýlanmaklykdan geçýärler. Giriş synaglary we okuwa Kabul edilmek 2017-nji ýylyň awgust aýynyň 19-20-si, 22-si we 23-i   günlerinde “Turkmenhowaýollary” gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär. Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga Kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar: — saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az  olmadyk iş tejribesi bolanlar.

“Türkmenhowaýollary” gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., aeroport; tel: 23-34-21.