• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Muhammed Aly aradan çykdy

Ägirt boksçy Muhammed Aly 74 ýaşynda aradan çykdy

Muhammed Alynyň aradan çykandygyny maşgalanyň habarçysy beýan etdi.

Boksyň taryhynda ägirt diýip at alan Muhammed Aly köp wagtdan bäri (parkinson keseli) beýin zeperlenmesi bilen ýaşaýardy. Dem gysma sebäbi bilen 2-nji iýunda hassahana äkidildi.
Boks zähmet ýoluny tamamlanyndan soňra (Parkinson) beýin zeperlenmesine uçran we çyn ady Cassius Marcellus Clay Jr. Bolan ägirt boksçy 1964-nji ýylda Yslam dinini saýlap, Muhammed Aly adyny saýlap aldy.

1964, 1974, 1978-nji ýyllar aralygynda ýokary agramynda 3 gezek dünýäniň çempiony bolan Muhammed Aly garşydaşlarynyň garşysynda 19 gezek goramagy başardy. Zähmet ýoly boýunça 61 oýunyň 56-synda ýeňiş gazanan Muhammet Aly tejribeli geçen boks ýolundan ozal 1960-njy ýylda Roma olimpiýadasynda ýeňil agramda altyn medaly alypdy.