• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Material nokadyň orta tizligi. Pursatlaýyn tizlik we tizlenme

Fiziki hadysalar ýönekeýleşdirilen modelleriň kömegi bilen öwrenilýär. Mehanika hereketi öwrenmekde hem modelleşdirmeden peýdalanylýar. Berlen şertlerde ölçeglerini hasaba almasaň-da bolýan, massasy bar bolan jisime mate­rial nokat diýilýär. Bilelikde seredilýän material nokatlaryň köplügine material nokatlaryň sistemasy diýilýär. Nokadyň hereketi haýsy bolsa-da bir jisime ýa-da jisimleriň sistemasyna görä öwrenilýär. Şol jisime (jisimleriň sistemasyna) hasaplaýyş sistemasy diýilýär. Bir nokatda (başlangyç nokat) kesişýän özara perpendi­kulýar üç göni çyzyk boýunça x, y, z ululyklary ýerleşdirmek bilen koordinatalaryň gönüburçly ýa-da ortoganal sistemasy alynýar. x, y, z koordinatalaryň bahalaryny aýry-aýrylykda üýtgedip, giňişligiň her bir nokadyny aňladyp bolýar.

Diýmek, material nokadyň islendik wagt pursatyndaky orny üç skalýar deňleme bilen kesgitlenýär:

Emma bu ululyklaryň giňişlikdäki ugurlaryny göz öňünde tutup, olary wektorlaryň goşulyşy ýaly goşsak, onda jemleýji wektory alarys. Bu wektor koordinatalar başlangyjy bilen material nokady birleşdirýän wektordyr. Oňa radius-wektor diýilýär.

Radius-wektor arkaly material nokadyň ornuny aňlatmak matematiki amallarda ep-esli ýeňillikleri döredýär.

Bir-birlerine görä ýerleşişleri hemişelik bolan we hiç bir täsir sebäpli aradaşlyklary üýtgemeýän material nokatlaryň toplumyna absolýut gaty jisim diýilýär. Absolýut gaty jisimleriň hereketi öwrenilende onuň düzümindäki material nokadyň haýsydyr biriniň hereketini öwrenip, galanlarynyň bolsa şoňa görä aýlaw hereketini öwrenmek ýeterlikdir. Suwukluklaryň we gazlaryň mehanikasynda olary öz tutýan göwrümlerinde üznüksiz paýlanan birhilli ýaýran madda hasap etmek, galapyn, ýeterlikdir. Şeýle sistema tutuş sreda diýilýär.

Sebäplerine garamazdan, material nokadyň ýa-da gaty jisimiň wagtyň geçmegi bilen giňişlikde orun üýtgetmesini öwrenýän ylma kinematika diýilýär. Hereketiň kinematiki deňlemesini düzmek üçin material nokadyň koordinatalaryny we olaryň haýsy pursatlara degişlidigini bilip, olaryň özara baglylyk aňlatmasy tapylýar. Islendik iki pursata degişli radius-wektorlaryň tapawudy orun üýtgetmäni görkezýär.

Material nokadyň giňişlikdäki ähli eýeleýän orunlarynyň yzygider geometriki ýerleşmesine traýektoriýa diýilýär.

Öwrenilýän iki wagt pursatyna degişli orunlaryň arasyndaky traýektoriýanyň uzynlygyna şol wagtdaky geçilen ýol S) diýilýär. Orun üýtgetme bilen geçilen ýol gönüçyzykly here­ketde deňdir. Beýleki şertlerde, çyzgydan görnüşi ýaly, wagt aralygy ulalanda onuň üýtgemegi bilen ýoluň tapawudy ulalýar. Öwrenilýän wagt aralygyndaky orun üýtgemäniň şol wagta bolan gatnaşygyna orta tizlik diýilýär:

Tizligiň ölçeg birligi m/s, [LT–1]. Bu ýerde

– koordinata oklar boýunça wektoryň düzüjileri. Hereket çaltlygy barada has takyk maglumat almak üçin synagyň wagtyny mümkin boldugyça azaltmaly. Matematiki dilde aýdylanda Dt nola ymtylandaky orun üýtgetmäniň ahyrky çägini almaly:

bu ýerde ro – radius-wektoryň wagta görä birinji önümi. Bu tizlige pursatlaýyn tizlik diýilýär.

Görnüşi ýaly, pursatlaýyn tizlik wagtyň t pursatynyň golaýyndaky tizligi hä­siýetlendirýär. Pursatlaýyn tizligiň wektory traýektoriýanyň t wagt pursatyna degişli nokadyna galtaşma boýunça gönükdirilendir. Eger pursatlaýyn tizlik ugry hem-de ululygy (moduly) boýunça üýtgemän gal­sa, onda herekete gönüçyzykly deňölçegli hereket diýilýär. Eger tizlik wagtyň geçmegi bilen üýtgeýän bolsa, onda onuň nähili çaltlyk bilen üýtgeýändigini bilmeli:

bu ýerde  – radius-wektoryň wagta görä ikinji önümi.

Tizligiň üýtgeýşiniň çaltlygyny aňladýan bu ululyga material nokadyň tizlen­mesi diýilýär. Ölçeg birligi – m/s2, [LT–2].

Agza: Shooter tarapyndan