• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýaponýanyň autokonserni geljekgi elektrokarlary barlag etýär

Tokiýoda üç tigirli i-Road diýlip atlandyrylýan  motosiklet maşynlaryny barlag edildi.

Häzirki wagtda birnäçe kompaniýalar bu taslamanyň üstinde işleýärler. Olaryň içinde Google, General Motors, Volvo, Volkswagen ýaly kompanýalar üstünlikli iş alyp barýarlar diýsek ýalňyşmarys. Şeýle ulaglary döretmekde kompanýalaryň arasynda belli bäsdeşlikler hem eýýämden ýüze çykyp başlady.

Öz gezeginde Ýapon korporasiýasy Taýota hem bu ugurda öňdeligi elden bermeýär. Kompaniýa bu ulgamda üç tigirli üç tigirli i-Road diýlip atlandyrylýan  motosiklet maşynlaryny işläp taýýarlady. Bu ulagyň 50 kilometr aralyga çenli elektrik zarýadyny ýetirip bilýar. Onuň aňrybaş tizligi sagatda 60 kilometrdir.

Häzirki wagtda Tokiýoda bu ulagy şäher ýadygärliklerine, söwda merkezleri ýaly ýerlere aýlanmak üçin  kreýine berilip başlandy. Bu ulagy 15 minutlyk kreýine almak üçin 412 ýen tölegi bar.