• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Sinusyň, Kosenusyň we Tangensiň döreýiş taryhy

Bularyň ählisiniň başlanmagynyň aslynda sebäpleri nämedikä?

Gadymy Gresiýada göniburçly üçburçlugyň ýerine 13 düwünden ybarat bolan tanap bilen taraplary 3, 4, 5 bolan ölçeg ulanylypdyr. Ýagny jaýlaryň burçlaryny ölçemekde we ş.m. hasaplamalarda  giňden peýdalanypdyrlar.

Biziň eramyzyň VI asyrynda Fales Ýegiptdäki piramidalaryň beýikligini ölçäp bilipdir. Ol  onuň kölegesini peýdalanypdyr.

Trigonometriýanyň ilkinji açyşlarynyň saklanyp galanlarynyň biri

Belli Grek astronomy we matematigi Klawdiýa Ptolemeýiň “ALMAGEST(II-asyr)” atly kitabynda astronomiýa üçin birnäçe trigonometrik hasaplamalary edipdir.

Grek alymlary üçburçlugyň içki burçlarynyň jemi 1800 bolýandygyny hasaplan bolsalar IV-V asyrlarda hindi astronomlary burçuň sinusyny hasaplamany başarypdyrlar.

Sinus bu latyn sözi bolup, öwrüm, gyşarma diýen ýaly manylary berýär.

Ol gönüburçly üçburçlukda burçuň garşysyndaky ýatan katetiň gipetenuza bolan gatnaşygydyr.

Kosenus gönüburçly üçburçlukda burça sepleşýän katetiň gipetenuza bolan gatnaşygydyr.

Tangens gönüburçly üçburçlukda burçuň garşysyndaky ýatan katetiň burça sepleşýän katete bolan gatnaşygydyr.

1583-nji ýyllarda esasy trigonometriýada sinus, kosenus, tangens, katangens funksiýalar giňden peýdalanylyp başlapdyr. Bu funksiýalaryň döremeginde gadymy arap alymlary hem uly işleri bitiripdirler.