• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Mars 11 ýyl aýralykdan soň Ýere golaý iň ýakyn ara geldi

Ýene birnäçe gün Gyzyl planeta soňky 11 ýyldaky Ýere iň ýakyn aralykda bolar

Ýer bilen Mars Günüň bir tarapynda ýerleşdiler. 22-nji maýda ikisi hem bir çyzykda boldular we öz aralarynda biri-birine garşy durma başlady. 30-njy maýda biziň planetamyz goňşy planeta bilen soňky 11 ýylyň içinde iň ýakyn, biri-birine 76,29 million kilometr aralykda boldular. Orbita boýunça aýlanmasy sebäpli bular biri-birinden arany açyp uradylar. Ýene birnäçe gün Mars biziň golaýmyzda bolar.

Biri-birine garşydurma göreşi Ýeriň we Marsyň orbitalarynyň gaty bir tegelek däldigi sebäpli bolýar, biziň goňşy planetamyzyň orbitasy has hem sürüräk. Şeýle hem Mars Günüň daşyndan iki ýylda aýlanýar (ýeriň ýyl hasaby boýunça). Şol sebäpden hem olar bir golaýlaşýarlar bir daşlaşýarlar. Kä wagtlar bolsa goňşy planeta has ýakyn – takmynan 60 million kilometr aralyga golaýlar. Şonda 15-17 ýyldan bir gezek Beýik garşy durma bolýar. Bu beýik garşy durma golaýda 2018-nji ýylda garaşylýar.

2003-nji ýylda garşy durma has hem beýik bolan. Şonda Mars bilen Ýeriň arasy 55,7 million kilometre bara-bar bolupdyr. Öň şeýle ýagdaý 60 müň ýyllap bolmadyk we 2287-nji ýyla çenli hem bolmaz, şol ýyl beýik garşy durma gaýtalanar.