• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT GURLUŞYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Senagat we raýat jaý gurluşygy.

2. Gurluşyk materiallaryny we demirbeton konstruksiýalaryny öndürmegiň tehnologiýasy.

3. Amaly geodeziýa.

4. Gurluşyk hem-de ýol maşynlary we enjamlary.

5. Suw üpjünçilik we hapalanan suwlary akdyryş ulgamlarynyň we enjamlarynyň ulanylyşy.

6. Elektrik üpjünçiligi.

7. Ýerüsti dag işleri.

8. Awtomobil ýollarynyň we aerodromlaryň gurluşygy, ulanylyşy we abatlanylyşy.

9. Gurluşygyň ykdysadyýeti.

10. Binagärlik.

11. Buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş.

12. Guýulary barlamagyň geofiziki usullary.

13. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.

Orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýenijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýy- lyň awgust aýynyň 21-22-si, 23-24-i we 25-26-sy günlerinde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) ge- çirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

binagärlik hünäri - surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

galan ähli hünärler - fizika, matematika, Türkmenistanyň ta­ryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10; tel.: 41-05-66, 41-20-03, 41-08-82.