• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

DAE kompaniýasy geljekde 400 uçary satyn alar

Mer­ke­zi eda­ra­sy Du­baý­da şäherinde ýer­leş­en DAE (Du­bai Ae­ros­pace En­terp­ri­se) kom­pa­ni­ýa­sy geljekde öz awia­par­ky­ny gi­ňelt­mek üçin 400 uçar sa­tyn al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Olar “Air­bus” we “Boeing” kom­pa­ni­ýa­la­ry­na umu­my ba­ha­sy 40 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar sar­gydy eder. Em­ma dün­ýä­niň iň iri iki uçar ön­dü­ri­ji­si­niň ozal­ky sar­gyt­la­ry­nyň köp­dü­gi ze­rar­ly tä­ze sar­gyt edi­len uçar­la­ryň gi­j­räk tab­şy­ryl­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Uçar­la­ryň li­zing işin­de (li­zing – em­lä­gi bel­li bir wagt­dan soň­ra ula­ny­ja ge­çir­mek üçin kä­ren­de­si­ne ber­mek) dün­ýä­niň iň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan DAE bir ko­ri­dor­ly “Air­bus A320” hem-de “Boeing 737 Max” uçar­la­ry­ny al­mak is­le­ýär. DAE mun­dan ozal, Ir­lan­di­ýa­nyň AWAS kom­pa­ni­ýa­sy­ny sa­tyn alyp, awia­par­ky ba­bat­da dün­ýä­de il­kin­ji on­lu­ga gi­rip­di. DAE dün­ýä­de 57 ýurt­da 117 awia­kom­pa­ni­ýa bi­len iş­leş­ýär.