• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Sowuk şöhle näme?

Şöhläniň manysy hakynda her kim dürli pikirde bolup biler. Kimden sorasaň, bize iň sada dilde, şöhle jisimleri görmek we reňkleri tapawutlandyrmak üçin niýetlenen energiýanyň görnüşi diýen pikiri öňe sürer. Şöhle sowukmy ýa-da ýylymy? – diýen bir sowaly bersek... Agla bölegiňiz şöhläniň ýylydygyny aýdarsyňyz. Sebäbi öýlerimizde ýagtylandyrmak üçin ulanýan çyralarymyz şöhle paýlanynda, şol bir wagtyň özünde ýylylyk hem berýär.

Köp wagtlap ýanan çyrany elimizde saklasak, elimiz ýanar, sebäbi köp wagtlap töwerege şöhle paýlan çyra gyzýar, edil şolar ýaly hem adaty ýaşaýyşymyzyň içinde tebigatdaky gün hem töweregimize şöhle paýlaýar. Güniň şöhlesi töweregi ýagtylyk saçýar, şol bir wagtda hem baran ýerini ýyladýar. Töweregimize syn etsek, umumy şöhläniň ýagtylygyndan başgada ýylylyk aýratynlygyny hem duýýarys. Şeýle garasak umumy adamlaryň oýunda şöhle ýyly diýilip biliner. Beýle bolsa sowuk şöhle näme? Adaty ýaşaýşymyzda sowuk şöhle diýilýän many bilen hiç hili duş gelmeýärismi? Ýogsada duş gelýän hem bolsa bilmeýärismi? Ýaldyrawuk tomazaklar (Светляки) hemmämiziň ünsini çeken bolsa gerek. Gije ýaýradýan şöhleleri aýratyn hem beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan aýratynlygydyr. Ýaldyrawuk tomazaklaryň ýaýradýan şöhlesiniň iň uly aýratynlygy ot ýa-da ýylylyk bilen arabaglanşygynyň ýokdugydyr. Ýaldyrawuk tomazaklaryň ýaýradýan ýagtylygyna sowuk şöhle diýilýär. Köp kişi ýaldyrawuk tomazagy görendir. Adaty çyra, elektrik akymynyň 3-4% göterimini ýagtylyga öwürýär. Ýaldyrawuk tomazaklar bolsa 100% göterimlik netijesi bilen şöhle öndürmäge ukyply. Ikisiniň arasyndaky uly tapawut bolsa bilim işgärleriniň we şöhle ylymlary tehnologiýasynyň ünsini özüne çekýär.