• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýeriň ilatynyň deň ýarysynda internet bolar

Täze ýyla çenli Ýer togaladynyň ilatynyň deň ýarysynda internet bolar. Bu barada Halkara telekomnikasuýa birleşigi ­(International Telecomnication Union) habar berýär. Çaklamalara görä, ösen ýurtlarda ilatyň 80 göterime golaýy internet hyzmatlaryndan peýdalanýar, ösüp barýan ýurtlarda diňe 40 göterimi, onçakly ösmedik ýyrtlarda bolsa, 15 göterimi ulanýan eken. Şunuň bilen birlikde, dünýä boýunça internet ulanýanlar  47 göterim bolup durýar.

2020-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 60 göterime ýetmegine garaşylar. Şol bir wagtyň özünde bu bileleşikde Taze ýyla çenli internetiň 3,5 milliard adama elýeterli boljakdygy çaklanylýar.