• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Robot terjimesi işe başlar

Robot tehnalogiýasynda öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýan Ýaponiýada terjimeçi robotlaryň üstünde işlenilýär. “Kinki Nippon Tourist” kompaniýasy “Fue Trek” firmasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde daşary ýurtly syýahatçylaryň soraglaryna jogap berjek robotlary işläp taýýarlaýar. Taslamanyň çäklerinde robotlar bilen bir hatarda planşet kompýuterler we dakynylýan enjamlar hem taýýarlanar. Olar daşary ýurtlular bilen ýaponlaryň gepleşmegine kömek eder. Şeýle hem bu robotlar myhmanhanalarda we daşary ýurtlular bilen iş salyşýan edara – kärhanlarda peýdalanylýar. Soňky ýyllarda ýurda barýan syýahatçylaryň  sany barha artýar.