• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iphone-da nädip 2 sany SIM-kartyny gurnamaly

Jadygöýligem däl, gymmat hem däl.

Biz eýýäm iPhone telefonynyň jaň etmek hem-de SMS ugratmak üçin ykjam smartfondygyna öwrenişdik. Ýöne enjamyň funksionallygyny goşmaça gadžetleriň kömegi bilen ulaldyp bolýar.

Iphone telefonyny elektron kitaba, belli bir aralykdan dolandyrylýan uniwersal pulta öwresiňiz ýa-da goşmaça SIM kartyny gurnasyňyz gelýämi? GearBest internet magazini muny nädip etmelidigini bilýär.

Şu gün biziň ýygyndymyzda iPhone telefonyna goşmaça funksiýa goşmak üçin birnäçe original gadžetlerimiz bar.

NeeCooSIM kart üçin daşky adapter

Bu enjamdan öň Androd operasion ulgamly enjamlar üçin iki, üç we ondan köp SIM kart goýmak üçin birnäçesi bar.

Apple” – ol gaty sabyrly kompaniýa we bu amerikan öndürijisi geljekde 2 SIM kart goýulýan smartfon çykarmaklygy meýilleşdirmeýär.

Bu ýerde bolsa NeeCoo daşky adapteri kömege geler. Gadžetiň ideýasy ýönekeýdir. Bu ýuka enjamyň korpusyna ikinji SIM-karty gurnalýar. Soňra NeeCoo enjamynda Bluetooth protokoly bilen iOS enjamynyň arasynda sinhronizirleme gidýär (şol sanda iPOD Touch we iPad hem degişli) we MoreCard ýörite priloženiýasy arkaly jaňlar amala aşyrylýar.

NeeCoo enjamynyň galyňlygy 4 mm, ölçegi bolsa kredit kartyna meňzeşdir. Içinde oturdylan akkumulýator garaşma ýagdaýynda 72 sagatlyk we gürrüňdeşlik režiminde 4 sagatlyk wagty üpjün edip bilýär.

Bahasy: 29.99 $