• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Türk hakeri 55 mln. ABŞ dollaryny ogurlapdyr

Erkan Findikogly – kiberhüjümleri etmekde we bank aldawçylygyny guramakda günäkärlenýär.

Türkiýäniň raýaty Erkan Findikogly (Ercan Findikoğlu), bank kezzapçylygynda aýyplanýan, onuň ýetiren zyýanynyň möçberi 55 mln ABŞ dollary, 18 aý tussaglykdan soň ABŞ-na ektradisiýa (ýagny, günäkärlenýäni bir döwletden başga döwlete ugratmak) edildi. Findikoglyny dünýäde “ikinji haker” diýip atlandyrýarlar we ol Segate hem-de Predator lakamlary bilen tanalýar.

Ol 2014-nji ýylyň dekabrynda Germaniýada saklanýar. ABŞ-da oňa garşy çykarylan günäkärlemeler, Germaniýanyň kanunyna gabat gelmedi, şonuň üçin hem ektradisiýa ýagdaýy (prosessi) uzaga çekdi.

Findikogly 8 punkt bilen günäkärlenýär, olaryň içine guramaçylyk we kiberhüjümleri amala aşyrmak, bank kezzapçylygy girýär. Bu hakerleriň etmişi boýunça zyýan çeken ady belli pul işläp taýýarlamasyny amala aşyrýan firmalar FIS, ECS we EnStage. Hakerleriň bu hüjümleri kompaniýalaryň ulanyjylarynyň konfidensial maglumatlarynyň ogurlanmagyna we bank kartlarynyň töleginiň limitleriniň galdyrylmagyna getirdi, bu bolsa, bankomatlaryň üsti bilen uly möçberli pul almak üçin edilen işlerdir.  

2011-nji we 2012-nji ýylyň dekabrynda, şeýle hem 2013-nji ýylyň 19-dan 20-si aralygynda guramaçylykly haker hüjümleriniň netijesinde, bu päliýamanlar  dünýäniň 24 sany döwletiniň bankomatlaryndan pul almak boýunça 36 müň sany iş geçiripdirler (operasiýa). Onuň zyýany bolsa banklaryň hasaby boýunça 40 mln. ABŞ dollaryna barabardyr.

Bank aldawçylygyna goşulan hakerleriň sany gaty kändir, diňe Rumyniýa döwletinde Findikoglynyň dil düwüşmesi bilen jemi 25 sany sany haker tussag edildi.

Ýene belläp geçmeli zat, Findikoglynyň bu eden etmişi üçin, jemi 247 ýyl möhlet bilen tussag edildi.