• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Microsoft kompaniýasynyň inženerleri körler üçin VR-hasasyny işläp taýýarladylar

Hünärmenler körler we görüşi pes bolanlar üçin wirtual hakykaty işläp taýýarladylar. Ýagny VR (virtual reality) –hasasyny oýlap tapdylar. Bu hasa görüşi pes adamlara giňişligi duýmaga mümkinçilik berýär.

         Bu ulgam ýörüte guşakdan we oňa berkidilen uzyn metal steržinden hem-de HTC Vive VR kellä geýilýän şlemden ybaratdyr. Hasany ulanyjy onuň sterženi giňişlikdäki predmetlere degiren halatynda wibromotor işläp başlap titretmek arkaly giňişlikdäki predmet barada ulanyja habar berýär. Ýörüte gulaga dakylýan ses gulaksalary arkaly bolsa, her predmetleriň özüne mahsus bolan ses duýdurmalary berilýär. Ondan başgada ýere sallanan ýüp arkaly ulanyjynyň nämäniň üstünden (beton plitamy ýa-da halymy we.şm.) ýöräp barýandygyny bildirilýär. Häzirki wagtda bu hasa adamlarda barlag edilip görüldi we onuň ýetmezçilikleriniň üstünde iş alnyp barylýar.