• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

5G synagdan geçirildi

Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy 5G interneti synagdan geçirildi. Tebigy şertlerde geçirilen synagda 3,6 Gb/s tizlige ýetilendigi mälim edildi. Bu görkeziji häzirki wagtda ulanylýan iň ýokary tizlikden dört esse ýokarydyr. Ýaponiýanyň aragatnaşyk kompaniýasy NTT DOCOMO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilen synagda 24 enjamy 5G torunda peýdalandy. Hytaý kompaniýasy laboratoriýanyň daşynda geçirilen synagda maglumatlary göçürip almak (download) tizligiň 1,34 Gb/s bolandygy mälim etdi. Mundan ozal “Nokia” kompaniýasy laboratoriýa şertlerinde geçirilen 5G synagynda 73 GHz tolkunynda 10 Gb/s tizlige, “Samsung” 28 GHz tolkunynda 7,5 Gb/s tizlige ýetendiklerini mälim edipdi. Emma “Huawei”-iň geçiren synagy gündelik durmuşda ulanmaga has ýakyn. Häzirki wagtda tehnalogiýanyň bu görnüşini kämilleşdirmek üçin dünýäniň dürli ýerlerinde uly işler alnyp barylýar. 5G ülňülerinde 2018-nji ýylda kesgitlenmegi we 2020-nji ýyldan soňra bu tehnalogiýanyň ulanylyp başlanmagyna garaşylýar.