• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Gyzgyna durnukly we grafen düzümli oboy ýangyn barada duýdurma berer

Hytaýyň alymlary ýakynda gyzgyna durnukly organikidäl materially oboi oýlap tapdylar. Grafendan peýdalanyp ýasalan bu oboi diňe bir otagyň bezegi üçin ulanylman, eýse ýangyn duýduryjysy hökmünde hem ulanyp bolar. Munuň düzümi gidroksiapatitden, grafen oksidinden we aýratyn termodatçikden ybaratdyr. Düzümündäki termodatçik bolsa ýangyna garşy duýdurma barada habar bermäge ukyplydyr. Bu termodatçigiň ýangyny duýmagy üçin bary ýogy 2 sekunt wagt gerek bolup, ol ýangyn wagtynda 5 minuda çenli özüniň iş ukybyny saklap galyp bilýär.

Bu işi Çži-Çao Ksionga ýolbaşçylygynda Şanhaýyň keramika institudynyň hünärmenleri tarapyndan alynyp barylýar. Olar bu tehnologiýada oboi ýanmaýan organikidäl kagyzdan ýasap, onuň ýüzi grafen örtügi bilen örtülendir. Ondan başgada onuň düzüminde uzynlygy 10 mikrometr, ini 10 nanometrden ybarat bolan nanoniti gidroksiapatitinden bardyr. Bu düzüm materialyň ýangyna garşy durnuklylygyny we mehaniki berkligini üpjün etýär. Ýagny ýangyn wagtynda temperaturanyň ýokarlanmagy bilen kislorot saklaýjylar himiki reaksiýa girip, üzülip başlaýar we öýjük seplerinde gysga utgaşmanyň bolamgyna getirýär. Netijede bu utgaşma bolsa datçigiň işlemegine sebäp bolmak bilen, datçik 250 gradus gyzgynlyga çenli saklanmaga ukyplydyr.