• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Hytaýda inteneti döwrebaplaşdyrmak üçin 182 milliardlyk çykdajy ederler

Hytaýyň hökümeti internet strukturasyny gowulandyrmak boýunça ägirt uly proýekti yglan etdi. Bularyň hemmesi üçin ummasyz pul goýmaklygy meýilleşdirýärler. Gelejekgi 2 ýarym ýylyň dowamynda tutuş döwletiň içinde optiki tor hem-de 4G aragatnaşyk üçin 182 milliard dollar goýuldy.

Hytaý hökümetiniň ýolbaşçylarynyň mälim edişlerine görä, şu ýylyň ahyryna çenli 69,3 milliard dollary täze torlary gurmaklyk üçin maýa goýmaklyk üçin meýilleşdirýärler. Galan 112,8 milliard dollary 2017-nji ýylyň ahyryna çenli goýular.

Deňeşdirmek üçin: Beýik Britaniýanyň hökümeti soňky ýyllaryň dowamynda Internetiň ösmegi üçin 1,22 milliard dollar ýa-da başgaça her aktiw ulanyjy üçin 20 dollara golaý inwestirleýärler. Hytaýda bolsa her ulanyjy 132 dollar meýilleşdirýärler.

Internediň bu uly masştabdaky reformasy Hytaýyň milli internetiň tizliginiň soňuna nokat goýmakdyr. Köpleriň hasaplamagyna görä, onuň tizliginiň haýallamagy “Beýik Hytaý Faýerwoly” ýa-da “Altyn galkan” ady bilen belli bolan monitoring ulgamy bilen baglanyşyklydyr. Bu proýekt 2003-nji ýylda işe girizildi.

Hytaý hökümetiniň ýolbaşçylary eýýäm 2017-nji ýylda 100 megabitli optikisüýümli torlar diňe şäherler bilen däl-de, eýsem 80% hytaý obalary bilen üpjün ediler. Şeýle hem hemme şäherler-de we obalarda 30 mbit/s tizlikli 4G hyzmaty hem bolar.