• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Tap bilezigi – islendik üsti klawiatura öwürer

Haçan-da biz iş kompýuterinde işlemekligi bes etsegem, biz ýazmaklygy dowam edýäris. Ulagda, diwanda, dynç alyşda, gezelençde – smartfonyň wirtual klawiaturasy enjamy ýeňillik bilen çalyşýar, ýöne gadžeti eliňde saklamak hemişe oňaýly däl.

Tap bilezik-bluetooth döredijiler öz oýlap tapan zatlaryna islendik üsti klawiatura öwürmekligi öwretdiler. Bu aksessuar ýeňil materialdan ýasalan we bir eliň hemme barmaklaryna geýdirilýär. Şeýlelikde, öz başyna ýumşak kastete (barmaklara ötürilýän sowuk ýarag) meňzeş bolýar.

Tap enjamy 31 sany görnüşli degmäni (касание) tanaýar, ýazmaklyk üçin bolsa eliňi islendik üste goýmak ýeterlik: stol, otyrgyç ýa-da öz endamyňa.

Döredijileriň aýtmagyna görä, öwrenmek prosessi 1 sagat wagty alýar, hereketleri özleşdirmek boýunça esasy halypa bolsa Tap Genius prilojeniýasydyr. Onuň içine birnäçe interaktiw sapaklar girizilen, ol bolsa öz gezeginde Tap bilezigi bilen işlemekligiň esasy düzgünlerini gysga wagta öwrenmeklige kömek eder.

Proýektiň esaslandyryjylarynyň maksady Tap bilen işlenen ýagdaýynda mobil enjamlarynda ýazmaklygyň tizligini ýokarlandrymaga kömek etmekdir. Häzirki wagta inženerler geljekde bu algoritm boýunça aýdym we oýun industriýasynda hem ulanmaklygy göz öňünde tutýarlar.

Häzirki wagtda Tap bilezigine ýapyk beta-test geçirýärler, ýöne önümi eýýäm 2016-njy ýylyň ahyrynda çykarylmagy mümkin.