• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Sürüjisiz ýük ulaglary Ýewropany aýlandy

Sürüjisiz hereket edip bilýän uly göwrümli ýük ulaglaryň altysy Ýewropa ýurtlaryny aýlandy. Özi hereket edip bilýän ulaglar entek satuwa çykarylmady. Emma bu ugurda uly işler amala aşyrylýar. Önüm öndürijileriň şeýle ulaglaryň ygtybarlydygyny dolulygyna subut etmekleri üçin synag sürüşleri dowam etdiriler. Diňe ýeňil ulaglar däl, ýük ulaglarynyň hem süürüjisiz hereket edip bilmegi ugrunda alada edilýär. “2016 European Truck Platooning Challenge” atly çäräniň çäklerinde ilkinji gezek sürüjisiz ulaglar başga ýurduň çägine geçdi. Ýewropa Bileleşiginiň goldaw bermeginde Gollandiýa tarapyndan ýola goýlan taslamanyň çäklerinde ýük ulaglary üç ýurdy aýlandy. Olaryň syýahaty Gollandiýanyň Rotterdam şäherinde tamamlandy. Jemi iki müň kilometr ýol geçen ýük ulaglary öz aralaryndaky “Wi-Fi” arkaly sazladylar. Olar ýangyjy sürüjili ulaglara garanyňda, 10 göterim az sarp edipdirler. Şeýle hem togtamaly bolan ýagdaýynda adamdan has çalt durandyklary ýa-da badyny gowşadandyklary anyklandy. Özi gidýän ulaglar DAF, “Daimler”, “Iveco”, “MAN”, “Scania” we “Volvo” brendlerine degişli.