• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Windows 7 we Windows XP operasion ulgamynyň parolyny nädip bilmeli

Belkide, siz şeýle ýagdaýa duş gelensiňiz, belki-de duş gelen dälsiňiz, ýöne Size peýdaly bolar diýip umyt edýäris.

Bu makalada men size windows 7 ýa-da windows XP operasion ulgamynyň (bu ýer-de ulanyjynyň ýa-da administratoryň paroly göz öňüne tutulýar) parolyny bilmekligi görkezjek. Ýöne 8 we 8.1-de barlap göremok, belki hem işlär.

Ophcrack – windowsyň parolyny bilmeklik üçin peýdaly programmalaryň biridir.

Ophcrack bu grafiki we tekst interfeýsli mugt programmadyr, onuň kömegi bilen harp we sanlardan durýan Windowsyň parolyny ýeňil bilip bolýar. Ony Windows ýa-da Linux üçin ýönekeý programma bolmasa-da Live CD hökmünde internetden ýükläp bolýar. Ophcrack programmasyny döredijileriniň aýtmagyna görä, ol 99% parollary tapýar diýýärler. Geliň biz ony barlap göreliň.

1-nji test – Windows 7-niň kyn paroly

Ilki bilen men Windows 7 üçin Ophcrack LiveCD internetde ýükledim (XP üçin saýtda aýratyn ISO almaly bolýar), asreW3241 diýen paroly gurnadym (9 simwol, harplar we sanlar, bir sany baş harp) we obrazyň (ISO image) üstünden ýüklendim (hemme hereketleri men wirtual maşynda ýerine ýetirdim).

Ilki bilen biz Ophcrackyň menýusynda grafiki interfeýsiň 2 görnüşinde ýa-da tekst görnüşindäki ýagdaýyny saýlanýan ýerini görbýäris.  Käbir sebäplere görä, mende grafiki görnüşde işlemedi, ýöne aslynda ýönekeý kompýuterde açmaly. Tekstli görnüşinde hemme zat gül ýaly açylýar.

Tekstli görnüşi saýlanyp alynandan soň, ilki bilen Ophcrack programmasynyň işiniň soňuna garaşmaly bolýar. Mende bu 8 minut wagt aldy. Men pikirimçe bu ýönekeý PK-de 3-4 esse çalt bolardy. 1-nji testiň netijesi: paroly anyklap bolmady.

2-nji test – has ýönekeý görnüş.

Şeýlelikde, 1-nji ýagdaýda Windows 7-iň parolyny bilip bolmady. Biz şertimizi ýeňilleşdireliň, ulanyjylaryň köpüsi ýeňil parol ulanýarlar. Şeýle görnüşi barlap göreliň: remon7k (7 simwol, bir san).

LiveCD-den ýüklenýäris, tekstli görnüşini saýlap alýarys. Bu sapar paroly 2 minudyň dowamynda bilmek başartdy.

Nireden ýüklemeli?

Ophcrack programmasyny offisial saýtyndan tapyp bolar: http://ophcrack.sourceforge.net/.