• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Nemes kazyýeti “Hell” atly hakere şertli möhletli jeza berdi

Şeýle-de päliýamana düzediş işlerine we 400 jerime bilen jezalandyrdylar.

Nemes kazyýeti haker “Hell” lakamy bilen meşhur bolan Sergeý Maksimowy, 400 sagatlyk düzediş işlerine, 3 ýyl synag möhletine we ýarym ýyl şertli möhletli jeza berdiler. Şeýle hem päliýamany 400€ jerime salyp, ol pullary “Amnesty International” guramasynyň hasabyna geçirmeli edildi. Bu hakda twitter sahypasynda “Progress partiýasynyň” lideri Alekseý Nawalnyýnyň press-sekretary Kira Ýarmyş habar berdi.

Kazyýet: Jenap Maksimow – haker Helliň sizdigine bizde hiç-hili şübhe ýok”-diýip Kira Ýarmyş ýazýar.

Haker Hell – Alekseý Nawalnyýnyň elektron poçtasyny döwüp, onuň şahsy maglumatlaryny ogurlandygy üçin Bonn şäheriniň prokuraturasy tarapyndan aýyplanýandygyny ýatladýarys. Nawalnyý prokuratura özi ýüz tutupdyr. Onuň sözlerine görä, 2013-nji ýylda hakerden disk alynandygy, ol diskde bolsa onuň elektron poçtasyndan alynan şahsy maglumatlary ýüze çykarylypdyr. Netijede, Bonn şäheriniň prokuraturasy Maksimowa garşy jenaýat işini gozgapdyr.

Hell özüniň bu işler bilen meşgullanan döwürleri meşhur rus şahslarynyň elektron poçtalarynyň salgylarynyň 100 sanysyny döwüpdir.