• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Google kompaniýasynyň android üçin täze oýny JavaScript-de programma ýazmany öwreder

Google kompaniýasy oýun görnüşinde JavaScript boýunça programma ýazmagyň başlangyç kursuny öwretýän Grasshopper atly android programmasyny işläp taýýarladylar. Bu oýun görnüşli programma hemmeler üçin elýeterli bolmak bilen, eýýäm Google Play dükanynda ýerleşdirilipdir.

Kompaniýa Grasshopper-i okuw sapaklaryny ulanyjynyň aňsat öwrenip bilmegi üçin boldugyndan ýönekeý hem-de amatly edip döredipdir. Google kompaniýasynyň menejeri Laura Holms: “Birnäçe uly ýaşly adamlar programma ýazmagy öwrenmegi kyn görýändikleri üçin, olaryň boş wagtlary bu oýny oýnap programma ýazmany öwrenmäge ýardam etmek üçin gerekli bolup durýar” diýip belläp geçýär.Grasshopper tapmaça görnüşinde edilip, ol ähli ýerlerde programma ýazmagy öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu oýun bize bir gijede programma ýazmany öwredip bilmez, ýöne munuň birnäçe turlaryny geçeniňden soňra, terminleri, başlangyç endikleri edinmäge uly kömek berip biler.