• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Täze görnüşi bilen dolandy

Düşüren suratyňy şol wagtyň özünde çykaryp berýän, bir döwürde ýoň bolan “Polaroid” kompaniýasy täze sanlaýyn fotoapparatynyň iki görnüşini çykardy. Onuň “Power” we “Snap” atly iki  görnüşi bar. “Polaroid Power”-iň 6 dýuýmlyk HD ekrany, 3 GB RAM-y, 32 GB ýady bar. Ony “microSD” kart arkaly ulaltmak hem bolýar. Enjamyň 13 we 8 megapiksel durulygynda iki kamerasy bar. Bahasy 25 dollar töweregi bolan “Power android Lollipop” amaly ulgamyndan peýdalanylýar. “Polaroid Snap”-yň 6 dýuýmlyk, 5,5 dýuýmlyk we 5 dýuýmlyk üç görnüşi bar. 130-180 dollar aralygynda nyrh bilen hödürlenjek “Snap”-iň 13 megapiksellik yzky we 5 megapiksellik öňki kamerasy bar. RAM-y 2 GB bolan enjamyň 16 GB-lik içerki ýady bar.