• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýaponlar Amerikanlary robotlaryň dueline çagyrdylar

Suidobashi Heavy Industry atly ýapon kompaniýasy MegaBots amerikan kompaniýasyny “Kuratas” we “Megabot Mark 2” atly robotlaryň arasynda duel gurnamaklyga çagyrdylar. Kogoro Kurata, ol Suidobashi kompaniýasyny dörediji, “Kuratas” atly 4 tonna agramy bolan mehaniki söweşijini gurupdyr. Ol hiç hili çekinmän “Biz uruşarys” diýen sözleri aýtýar.

“Biz başga döwlete bu uruşy ýeňmäge ýol bermeris. Gigant robotlary – bu ýapon medeniýetidir” diýip Kurata belleýär.

Häzirki wagtda bu söweşiň nähili geçiriljekdigi barada habar ýok. “Megabot Mark 2” roboty 2 sany peýntbol topy bilen enjamlaşdyrylan, emma “Kuratas” robotyny ýasan oglanlar bolsa, bu söweşjeň robotlaryň söweşiň has gyzykly geçmegi üçin ýaragsyz uruşmaklaryny isleýärler.

Gynansakda, Suidobashi hem-de MegaBots kompaniýalary bu söweşiň nirede geçiriljekdigi barada hiç hili maglumat berenoklar. Megabotsyň internetdäki wideoroliginde görkezilişi ýaly, robotyň häzirki wagtda düzedilmeli ýerleriniň bardygyny, emma “şu wagtdan başlap indiki ýyla çenli” olaryň robotlaryň arenasynda söweşmäge taýyn boljakdyklaryny belleýärler. Ýapon tarapy öz gezeginde “Biz taýýar. Söweş meýdanyny saýlaň, biz hem şol ýerde bolarys” diýlen äheňde duele çagyrýarlar.