• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Buza garşy nanotehnologiýa

Ýollary, elektrik togy liniýalaryny, uçarlaryň daşyny ýa-da awtoulaglaryň aýnalaryny buzdan goramak üçin birnäçe millimetrlik çalgy ýeterlik bolar. ABŞ-nyň “Langmuir” žurnalynda bilermenleriň halkara toparynyň täze nanoçalgyny oýlap tapandyklary barada habar berilýär. Bu çalgy nebit tehnologiýalary hemde himiýa professory Di Gaonyň ýolbaşçylygyndaky Swenson inženerçilik kollejiniň laboratoriýasynda oýlanyp tapyldy. Islendik tekiz ýüze çalnyp bolunýan bu çalgy buzuň emele gelmegine päsgelçilik döredýär. Alymlar bu açyşyň üstünden aşa gidrofob (suwy syrýan) maddalaryň üstünde işleýärkäler barandyklary habarda beýan edilýär. Bilermenleriň topary suwy syrýan maddalary belli bir şekilde işläp, olary buzuň emele gelmegine päsgelçilik döreder ýaly edip olýandygyny tapdylar. Geçirilen synaglarda alýuminiýden ýasalan plastinanyň bir ýüzüne bu çalgy çalyndy, beýleki ýüzi bolsa arassa goýuldy. Nanoçalgy bilen goralan ýüzde buz emele gelmedi hem-de bu ýüzde suw hem durmady, plastinanyň beýleki ýüzini bolsa buz durşuna gurşap aldy. Bu çalgynyň satylyp başlanmagyna 1 ýyldanam az wagt gerek bolar diýip çaklanylýar. Oýlanyp tapylan tehnologiýanyň örän sada bolmagy onuň bahalarynyň hem elýeterli bolmagyna getirer. Bu çalgy reňksiz bolanlygy sebäpli bolsa, islendik ýerde ulanylyp bilner. Mysal üçin, awtoulagyň aýnalaryna bu çalgy çalynsa, aýnada ýagyş, gar ýa-da buz saklanyp bilmeýär.