Türkmenistan iri hem-de halkara derejesindäki sport ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna ynamly goşuldy. Muňa geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi aýdyň subutnamadyr. Üstümizdäki “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda-da iri sport ýaryşlarynyň geçirilmegi üçin ýokary taýýarlyk dowam edýär. Şeýle ýaryşlaryň biri milli Liderimiziň başlangyjy boýunça şu ýylyň sentýabrynda geçirilýän “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisidir. Ýeňil, ýük awtoulaglary we SSV kysymly kwadrosiklleriň gatnaşdyryljak bu halkara ýaryşynyň bütindünýäde giňden wagyz edilmegi üçin köp sanly çäreler guraldy we guralýar.
Halkara awtoralliniň geçiriljek ugrunyň deslapky çyzgysy taýýarlanyp, ol bäş tapgyra bölündi. Olar Amul-Mary, Mary-Derweze, Derweze-Türkmen köli, Türkmen köli-Ýaňgala, Ýaňgala-Awaza ugurlarydyr. “Amul-Hazar 2018” awtorallisiniň geçiriljek ugry ýaryşa gatnaşjak toparlaryň sürüjileri we şturmanlary üçin ençeme syrlary we ýeňip geçmeli kynçylyklary özünde jemleýär. Maslahat beriş, utgaşdyrmak, daşary ýurtlardan dürli sport toparlaryny çagyrmak boýunça hyzmatlaryň edilmegine, şeýle hem dünýäniň belli teleýaýlymlarynda we beýleki habar beriş serişdelerinde çäreleri beýan etmek we mahabat etmek işlerine uly üns berilýär.
“Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisini giňişleýin beýan etmek maksady bilen ýaryşlaryň resmi internet sahypasy “www.turkmendesertrace.com” döredildi. Onda geçiriljek ýaryşlar, Beýik Ýüpek ýoly, türkmen sportunyň taryhy, ýurdumyzyň medeniýeti, şu güni we gazananlary barada habarlar ýerleşdiriler. Şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek üçin ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde awtomobil sportunyň taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Türkmenistanda geçiriljek awtomobil ýaryşlary barada habarlar çap edilýär.