• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

iOS 9- üçin iň esasy täzelikler!

iOS 9,  iphone ýa-da ipad enjamlarynyza güýz möwsümi gelende naili täzelikler getirer?

Apple  firmasy ilkinji gezek bir başlangyç edip  iOS 9 –yň  beta wersiýasyny  9- njy Iýulda halka ýaýratdy .Bolýa iOS 9 doly ulanyşa taýyn bolanda ondan nähili täzelikler bilen tanyşarys.

iOS 9 işletme sistemanyn interfeýsinde uly üýtgeşikler girizenok.  Ulanyş ukybyňyzy hasam gowlaşdyrmak üçin  iOS 9 - da birnäçe kiçi üýtgeşmeler girizilen. iOS 8 ulanýan bolsaňyz we halaýan bolsaňyz  iOS 9-da hiç hili kynçylyk çekmersiňiz, oňa çalt öwrenşersiňiz. iOS 9 –yň esasy üýtgeşmeleri:

Ekrany bölmek funksiýasy:

Şu wagt diňe iPad Air 2 - de ulanyp  bolýan bu funksiýa, ekranyň sag tarapyndan süşürlip başga bir programmany saýlap bilmegiňize we birbada iki programmaňyzy ulanmaklyga mümkinçilik berýär.

Has ösen  Maps:

Maps, bir wagt öň şäherleri ýalňyş ýerlerde görkezmek ýaly uly meseleleri bardy, emma bu mesele iOS 9-da çözulen ýalak görünýär. Ýene-de ýany bilen demirýoly, metro, awtomabil we adamlaň ýöreýiş ýollarynyň ugurlaryny sazlap bolýar. iOS 9-da Apple Maps –iň esasy aýratynlyklarynyň biri hem köpçilikleýin ulag serişdeleriniň (marşrudyny) gatnaw ugruny kartada görup bolýar.

Notes – daky üýtgeşmeler:

Şu wagta çenli çalt bellige almak üçin ulanylýan Notes indi has  köp işler edip bolýar. Karta we surat ýaly bellikleri kabul edýär we girizip bolýar.

 

Agza: Telekeçi tarapyndan