• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Stenford uniwersitetiniň alymy 10 metrlik makroprosessory düzdi

Dünýäde inženerler iň kiçijik zadyň hem uly görnüşlerini çykarmaga örän köp synanyşyklar edýärler. Olar esasanam hem diňe okuw maksatlary üçin bolup durýar. Ine şeýle taslamalaryň üstünde bolsa Stenford uniwersitetiniň inženeri Jeýms Nýuman uly işleri alyp barýar. Ol ýekelikde iňňän uly bir otagy dolduryp duran prosessory gurmagy başardy. Özüniň çykaran önümini Megaprosessor diýip atlandyrdy. Indi talyplar prosessoryň içindäki bolup geçýän prosessleri ýakyndan öz gözleri bilen görüp bilerler.

Onuň ýasan prosessory hakykatdanam hem haýran galdyrýar. Uzynlygy 2 metr giňligi bolsa 10 metrdir. Onuň hemme elementleri birnäçe sany şitlerde ýerleşdirilendir. Mugallymlar indi arkaýyn telefonlaryň hem-de kompýuterleriň içindäki bolup geçýän prosesleri talyplara düşündirip bilerler. Megoprosessoryň ululygy diňe transiztorlara esaslanandyr. Bu ýagdaýda onuň sany million ýa-da milliard sany däl-de birnäçe müň sany adaty ýagtylyk diodlary berkidilen tranzistorlardan ybaratdyr. Megaprosessorlaryň takt ýygylygy 8 KGHz-e deňdir. Şeýle kiçi ýygylykda hem onuň içinde bolup geçýän prosese gözegçilik etmek ýeňil däldir. Şonuň üçin hem adatça ony 1 GHz-de goýup barlag işlerini geçirýärler. Onuň bahasynyň näçe boljakdygyny entäk anyk däldir.