• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Alternatiw energiýa çözgütleri kämilleşýär

Ispaniýanyň elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar üçin has üýtgeşik zarýad beriji beket döredildi.Häzirki wagtda synag maksady bilen gurlan bu desga elektrik energiýasy bilen işleýän awtobuslara we ýük ulaglaryna 20 minutda zarýad berýär.Üstesine onuň geçirijisi hem ýok.Zaragozadaky bekediň döredilmeginde zähmet çeken inžener Lourdes Grasiýa asfaltyň aşagyndaky bobinalaryň  bardygyny, olaryň beketden elektrik energiýasyny alyp, belli bir ýerde saklanan ulaga energiýany geçirýändigini aýdýar.Ol bu ulgamyň ulanmak üçin diýseň amatlydygyny, awtoulaglar bilen bir hatarda ýük ulaglaryna we awtobuslara zarýad berip bilýändigini belleýär.Hünärmenler bu tehnalogiýany ulanmagyň has aňsat, ynamly, çydamly we şäher binägärligi bilen sazlaşyklydygyny belleýärler.Senagat inženeri Žoze Fransisko Sanz Osorio elektroulaglaryň köpelmegi bilen täze ylmy barlaglary geçirendiklerini belleýär.Ol geçirijisiz  we has täsirli beket üçin esasy zadyň bobinalardygyny, olary öndürjek önümçülikçileriň gerekdigini aýdýar. Bu bekediň gurulmagy elektroulaglara bolan gyzyklanmanyň artmagyny maksat edinýär.Bu ýerde 3 tapgyrdan ybarat bolan tehnalogýa bar