• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dürli dillere düşüner ýaly ses enjamy (nauşnik)

Fantastiki filmlerde biz täsin gadžetlere duş gelýäris. Şolaryň biride örän dürli dillerdäki adamlaryň başga ýer künjegindäki adamlaryň birek-birleriniň diline düşünmegidir. Geň ýeri häzirki wagtda şeýle häsiýetli hakykaty häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen geçirmeklige synanyşmandy. Ýöne iru-giç şeýle tehnologiýa biziň durmuşymyzda ornaşmalydy. Waverly Labs kompaniýasy tarapyndan şol täze tehnologiýany - nauşnigi hödürledi. Ol bize özümize söhbetdeşimiziň gepleýän dilinden düşünýän dilimize terjime edip berýär. Şeýle tehnologiýanyň döremeginiň geň sebäbini hem Waverly Labs kompaniýasynyň esaslandyryjysy Endrýu Oçoa-nyň Fransiýaly gyz bilen tanyşanda kellesinde pikir döräpdir. “Egerde hemme sözüne düşünsem örän gowy bolardy diýip ” döredijiniň özi belläp geçýär. Ertesi gün ol şol nauşnigi döretmekligiň ugruna çykýar. Ýöne bu gadžet programma üpjünçiligi we smartfonlardaky dilleri bilen işleýändir diýip pikir edipdirler. Bu programma Google Translate programmasyny ulanmaklyk bilen amala aşyrylýar. Siz göz öňüne getiriň iki sany söhbetdeşler gulagyna nauşnigi dakyp gürleşmeklik nähili gowy bolardy?! Programma üpjünçiliginde azajyk garaşmaly bolýar, sebäbi gürleýän ses ýazgylaryny alyp beýleki dile terjime edýänligindedir.