• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

GELJEGIŇ 5 SANY IŇ GOWY TELEFONLARY

Geljegiň iň gowy telefonlaryny Siz üçin saýlap aldyk.

1. Nokia Morph

Nokia Morph – öýjükli telefonlaryň konsepti, Nokia kompaniýasy hem-de Beýik Britaniýadaky Kembridj uniwersitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde öndürilen. Bu enjam 2008-nji ýylyň 25-nji fewralynda Nýu Ýorkyň häzirki zaman sungat muzeýinde hödürlendi. Nnotehnologiýanyň kömegi bilen öýjükli telefonlary täze derejä ýetirmäge we ulanyjylaryň islegini artdyrmaga kömek eder.

Nokia Morph telefonlarynyň elementi 7 ýylyň dowamynda ulanmaga mümkinçilik bolar (bu hasap 2008-nji ýyldan başlady). Ilki başda bu enjam gymmat bahadan satylar.

 

2. iPhone Next G

Biz size iPhone Next G hödürleýäris. Hakyky däl, a konsept, äňry çäk ykjam we düýpgöter real däl. Onuň öz displeýi has kiçi, iş ekrany – içine oturdylan interaktiw proýektroyň kömegi esasynda eliňize çykýar. Bu proýektor sensorly dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu telefon eliňde sagat ýaly goşaryňa dakylan görnüşde durýar. Şol sebäpli onda adaty gepleşigi amala aşyryp bolmaýar. Onuň iki warianty bar: Bluetooth garniturasy ýa-da sesi daşyna çykaryp gürleşmek arkaly. Bu režimlere telefonyň korpusyndaky ruçka arkaly geçirilýär, interaktiw proýektoryň “gözi” hem şol ýerde. Bu pikir elbetde täze däl, şuňa meňzeş tehnologiýalar häzirki wagtda hem bar. Muňa mysal höküminde SixthSense atly ulgamy getirip bolar. iPhone Next G konseptiniň awtory Samuel Li Kwon atly dizaýnerdir.

 

 

3. Asus Z2 Poseidon

HEGE diýip özüni atlandyrýan dizaýner, Asus Z2 Poseidon atly geýmerler üçin smartfonynyň konseptini hödürledi. Onuň daş görnüşi agressiw dizaýnly, sowadyjy ulgamly, iň soňky enjamlar oturdylan.

Telefonyň daşky görnüşi sport awtoulagyny ýatladýar. Onuň dizaýny ýatda galyjy we has modaly. Öňki paneli 6 dýuýmlyk IPS panelli, 2560x1440 ýokary ölçegli, gorag aýnasy bilen goralan, operatiw ýady 6Gb we 250 Gb hemişelik ýady, şeýle hem 4G tor ulgamynyň goldawy, 6000mAh akkumulýatory we Android operasion ulgamynyň 7.0 wersiýasy bar.

 

 

4. Philips Fluid

Siz öýjükli telefonlaryňyzy nirede we nähili ýagdaýda göterýäňiz? Jübiňizdemi? Çeholdamy? Braziliýaly dizaýner Dinard da Mata özüniň täze konsepti bolan Philips Fluid telefonyny goşaryňda götermekligi hödürleýär.

Ol öz görnüşi bilen Bricell konseptini ýatladýar. Emma Philips Fluid birnäçe artykmaçlyklary eýeleýär: doly sensorly interfeýs, OLED displeýli. Interfeýsiniň mümkinçilikleri özüňde täsir galdyrýar: enjam öýjükli telefon režiminden multimedia pleýerine ýa-da portatiw oýun konsollaryna ýeňillik bilen geçirip bolýar. Gyzykly ýeri Philips kompaniýasy bu ýagdaýa nähili serederkä we Fluid telefonynyň umydy bolarmyka?

 

 

5. Mozilla Seabird

Geljegi diňe düýşde, fantastiki filmlerde we dizaýnerleriň işlerinde görüp bolýar. Şeýle işi Mozilla Labs-yň gatnaşyjylary, onuň ideýasyny bolsa Billy May hödürledi.

Seabird smartfonynyň iň ýönekeý komponenti 8 megapiksellik makera we 960x600 ölçegli ekranydyr. Mundan beýlesi diňe fantastika başlaýar. Mysal üçin interaktiw pikoproýektor we aýrylýan Bluetooth moduly. Bu modul ýönekeý Bluetooth garniturasy ýaly işläp bilýär, elbetde sensor bilen abzallaşdyrylan.

Şeýle hem Seabird smartfonynda dok stansiýa göz öňünde tutulan, oňa smartfony çatyp stol kompýuterini döredip bolýar. Dok-stansiýanyň proýektory displeý emele getirýär we smartfonyň proýektroy stolyň üstünde klawiaturanyň suratyny çykarýar. Syçanjygyň ýerine bolsa wirtual taçpad ulanylýar, ol hem infragyzyl sensorlarynyň kömegi bilen emele getirilýär.

 

Bu telefonlar barada öz pikirleriňizi ýazyň!