• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TARYHDA AT GOÝAN BELLI HAKERLER HAKYNDA

Alekseý Belan

Bu hakyndaky maglumat üçin ABŞ-nyň hökümeti 100 müň dollar hödürleýär

ABŞ-nyň hökümeti 2012-nji we 2013-nji ýyllarda Newada we Kaliforniýa ştatlaryndaky uly amerikan kompaniýalarynyň içki toruna uzakdan baglanmak arkaly girip, işgärleriň şahsy maglumatlaryny ogurlandygy üçin A.Belany günäkärleýärler. Iň soňky sapar Belany Afina şäherinde görüpdirler, şondan bärem hiç-hili maglumat ýok.

ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosynyň (ФБР) aýtmagyna görä, Belanyň Latwiýa raýatlygy hem bar eken, internet ulanyjylarynyň hasabat ýazgylarynyň (учетный запись) parollaryny ogurlap, hilegärlik maksady üçin ulanypdyr. Mälim bolşuna görä, soňky sapar ol, uly onlaýn-magazinleriň üçüsiniň kompýuter toruny döwüpdir. Belany tussag etmek barada FDB eýýäm 2010-njy we 2013-nji ýyllarda buýruk çykardylar, emma haker häzirem azatlykda.

Amerikan ýörite gulluklary, bu haker häzirki wagtda Russiýa, Latwiýa, Gressiýa, Taýland ýa bolmasa-da Maldiw adalarynda bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.

Belan şu lakamlar bilen ady bellidir: Abyr Walgow, “Abyrwalg”, Fedýunýa”, “Magg”, “M4G”, “Moý.Ýawik”.

Makalamyzyň indiki sanynda beýleki hakerler bilen tanyşdyryp durarys.

Bu barada öz pikirleriňizi teswirlerde görkezip bilersiňiz.