• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI

2017/2018-nji okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga Kabul edýändigini yglan edýär:

1. Ynsanperwer ylymlary  (taýýarlygyň ugurlary: filosofiýa; halkara jemagat hukugy; halkara  hususy hukugy; halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty;  žurnalistika).

2. Sosial  ylymlary (taýýarlygyň ugry: sosiologiýa).

 3. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: halkara ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi;  alkara täjirçiligi).

4. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: kompýuter tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy). Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça bir ýyl dil öwreniş bölüminde taýýarlygyny geçeninden soňra, iňlis dilinde alnyp barlar. Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärler dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden, bakalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamaga mümkinçiligi bardyr. Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik  raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

 Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň sanawy:

 — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan  arza;

— bellenilen  nusgadaky sowalnama (anketa);

 — umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl  usgasy);

— Türkmenistanyň  Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegäki sekiz sany fotosurat;

 — işleýänler  üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça  döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl  usgasyny  tabşyrýar. Bulardan başga- da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary Kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we  usgalaryny tabşyrýarlar:

 — şahsy  pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär talyplyga Kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlin maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

 Giriş  synaglary we okuwa Kabul edilmek Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

 Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 30 — 31-i,  wgust aýynyň 3-i we 5-i günleri

 Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1-2- si, 4-i we 6-sy günleri

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 9-y we  11-i günleri

 Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 10-y we 12-si günleri

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 11-12-si, 15-i we 17-si günleri

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 13-14-i, 16-sy we 18-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

filosofiýa;

sosiologiýa;

halkara jemagat hukugy;

halkara hususy  hukugy;

halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty taýýarlyk ugurlary

— iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

Žurnalistika taýýarlyk ugry — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; halkara ykdysadyýeti; halkara menejment;  halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi; kompýuter tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy taýýarlyk ugurlary

— iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy. Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet we/ýa-da  iňlis dilinde dilden geçirilýär. Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärler giriş synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryndan soňra, dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden, bakalawrlygyň 1-nji okuw  ylyna başlamak üçin iňlis dil bilimini barlag testini tabşyrýarlar. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga Kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958  Andalyp) köçesiniň 169-njy jaýy; tel.: 39-85-53.