• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Günorta Koreýa öňdeligi eýeleýär

Kabelsiz torlaryň hyzmat ediş çägi bilen bagly işler alyp  barýan “OpenSignal” kompaniýasy dünýädäki 4G torlary barada giňişleýin maglumatnama taýýarlady. Oňa laýyklykda Günorta Koreýa internetiň ýokary tizligi babatda öňdeligi eýýeleýär. Maglumatnama görä, ýurduň 97 göterimi 4G internet hyzmaty bilen üpjün edilipdir. Sanawda ikinji ýeri Ýaponiýa eýýeleýär. Bu ýurduň 90 göteriminde 4G hyzmatlary elýeterli. Bu görkeziji Gonkongda 86 göterim. Täze Zelandiýa 4G internetiň iň ýokary tizligi (36 Mb/s) bilen beýleki ýurtlardan tapawutlanýar. Bu ugurda Singapur ikinji ýerde durýar (33 Mb/s). Rumyniýada internediň tizligi 30 Mb/s. Şu ýylyň iýun-awgust  aýlarynda geçirilen barlaglar 183 GSM kärhanasynyň we 325 müň LTE ulanyjysy hasaba alnypdyr.