• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Mac kompýuterinde öz şahsy faýllaryňy nädip gizlemeli?

Syrlarymyzy gizläliň!

Kämahal şeýle ýagdaýlar bolýar, kompýuterdäki faýllary ýa-da bukjalary, köne gizlin suratlaryňyzy başga adamlardan bukmaly bolýar. Şu gün biz size OS X operasion ulgamynda faýllary çalt we ýeňil bukmagy öwreýin. Hemmesi 3 ädimde ýerine ýetirilýär.

Başga-da maglumatlary fleşkada parolly hem saklap bolýar. Sizden başga oňa hiç kim girip bilmez.

1. Ilki bilen bize Terminala gerek bolýar, ony bolsa spotlight gözleg setirinden tapyp bolýar.

2. Soňra terminalda chflags hidden komandasyny ýerine ýetiriň.

3. Soňra gizlemeli bukjany ýa-da faýly alyp terminala oklamaly. Şeýlelikde, Terminalyň penjirsinde awtomatiki ýagdaýda saýlanan obýektiň ýoly peýda bolar. Şondan soň Enter düwmesini basmaly we bukja ýa-da faýl ýiter.

Eger maglumatlaryň hemmesini görünmeýän etmek üçin indiki hereketleri ýerine ýetirmeli:

1. Ulgam sazlamalaryna geçmeli – Spotlight

2. Конфиденциальность sahypasynda içinde gizlin maglumatly bukjalary umumy gözlegden aýyrmaly (meselem, /Users/Administrator/Desktop/)

Eger-de gizlinligi aýyrmaly bolsa, onda Terminaly işletmeli we şuny ýazmaly chflags nohidden ~/gizlin bukja çenli ýol (ýa-da faýla)/

Eger-de halan bolsaň onda kommentariýa hem-de haladym düwmesine basmaklygy unutmaň!