• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Windows OU-ny çalyşanymyzda öňki gerekli faýllary nädip alyp galmaly?

Biz köplenç ýagdaýlarda kompýuterimizdäki windowslarymyzy dürli sebäplere göra bulaşdyrýarys, ýa-da wiruslaň täsiri netijesinde bulaşýar. Kähalatlar-da kompýuter açylman galýar. Live CD diskleriň kömegi bilen girip kompýuterdäki “C” diskiň içindäki islän zatlarymyzy “D” diske ýa-da kiçi, bolmasa-da uly göwrümli maglumat göterijilerine oklap bilýäris. Eger-de bizde şeýle mümkinçilik ýok bolsa bolsa, onda name etmeli?

Men şu mowzukda şony öwredäýeýin diýdim. Köpuňiz bilýänsiňizem, ýöne bilmeýänleriňiz üçin hökman bilaýmeli zatlaryň biri.

Windows OU-ny täzeden kompýuterimize gurnaýarys. Yöne berk belläň, “C” diski formatirowat etman geçmelidir. Galan ýerleri şol öňki edilişi ýaly. Windowsy gurnap bolanymyzdan soň, “C” diskiň içinde windows.old bukjada öňki ulanan zatlarymyzyň hemmesi jemlenýär. Şo ýerde iş stolymyzdaky (рабочий стол), meniň resminamalarym (мои документы) bukjasynda goýan öňki resminamalarymyzy maglumat göterijilerine ýa bolmasa “D” diske kopiýa edip alyp bileris.

Agza: Eziz Amanberdiýew tarapyndan