• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ford we Alibaba bilelikde awtoulag satyjy awtomaty barlagdan geçirdiler

 Hytaýyň Alibaba söwda kompaniýasy we Ford awtomobil konserni bilelikde 2016-njy ýylda awtoulag satyjy awtomadynyň üstünde işläp başladylar. Eýýam 2017-nji ýylyň dekabr aýynda internet giňişliginde bu köp gatly jaýyň ölçeglerindäki ägirt uly desganyň ilkinji suratlary we wideolary peýda bolup başlady. Şu günki günde bu Super Test-Drive Center atly ilkinji awtomobil satyjy awtomat öz işine başlady. Munuň kömegi bilen müşderiler gerekli awtomobilini saýlap, barlap görmek we synlamak arkaly söwda etmege mümkinçilik alýarlar. Ýagny ýörüte gurnalan terminalynyň kömegi bilen ýa-da internet torunda ýerleşdirilen ýörüte mobil enjamlar üçin niýetlenen programmanyň kömegi arkaly amala aşyryp bolýar. Ondan başgada munuň üsti bilen satyn alanan awtoulagy üç gün möhlet bilen barlagdan geçirmäge mümkinçilik bolup, awtoulag müşderä ýaramadyk halatynda awtoulagy yzyna gaýtarmaga hem mümkinçilik berilýär.