• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Rahatlygyň çägini giňeltdi

Uly göwrümli we rahat ulaglary öndürmegi bilen tanalýan ''Audi'' kompaniýasynyň ''A8 L'' atly sedan ulagynyň limuzin nusgasy öndürildi. Alty gapyly ''Audi A8 L Extended'' içiniň rahatlygy we giňligi bilen tapawutlanýar. Uzynlygy 6,36 metre deň bolan täze ''Audi'' bu babatda 5,45 metrlik ''Mercedes-Maybach S600''-den hem uzyn. Ulagyň gabarasy alýuminden öndürilipdir. Alty sany oturgyçlar sowadyjy, ýyladyjy we owkalamak hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýär. Onuň V6 hereketlendirijisiniň göwrümi 3 litre, kuwwaty 310 at güýjüne barabar. 100 km/s tizlige 7,1 sekuntda ýetýär. Ulagyň iň ýokary tizligi 250 kilometr. Ulag kompaniýanyň ýewropaly müşderisi üçin ýörite taýýarlandy.