• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

SMS-lere kompýuterden jogap berip bolarmyka? Bu hakykat!

Pushbullet – bu Android ulgamlary üçin täsin mugt programma üpjünçiligidir, ol siziň smartfonyňyzdaky hemme habar bermeleri (уведомление) kompýuterde awtomatiki ýagdaýda suratlandyrýar. Mundan başga-da, kompýuterden hemme sms habarlaryna jogap bermek mümkinçiligi bardyr.

Pushbullet programmasy üçin Chrome ýa-da Windowsyň plaginlerini oturdan bolsaňyz we şol sanda 14.8 wersiýasyny hem ulanýan bolsaňyz, onda siz bu programmanyň hemme gözelligini görersiňiz. Indi siz öz söýgüli kompýuteriňizde ýüze çykýan penjirede jogap bermeklik üçin täze düwmäni hem görüp bilersiňiz. Eger-de, siz öz smartfonyňyzy otagyň içinde tapyp bilmeýän bolsaňyz, onda öz personal kompýuteriňizden ähli jaňlara we sms habarlaryna jogap berip bilersiňiz. Ylalaşyň, örän amatly programma ... EvolveSMS programmasyndaky ýaly hiç-hili çäklendirme ýok.

Pushbullet programmasyny nädip gurnamaly:

  • Bu programmany öz android enjamyňyza gurnaň;
  • Pushbullet programmasyny öz kompýuteriňize gurnaň (hiç-hili kynçylyk ýok, pushbullet.com saýtyna girýäris instruksiýany okaýarys);
  • Gurnap bolanymyzdan soň “sazlamalar-nastroýka” diýilýän ýerinde, Pushbulleti Chrome ýa-da Windows-e almak diýilýän ýerine basmaly;

Ine-de boldy! Indi siz ulanyp bilersiňiz! Bu programa size ýarar diýip umyt edýäris.