Awstraliýaly 99 ýaşly Jorj Korones öz ýaş derejesinde 50 metr aralyga erkin ýüzmek boýunça bäsleşikde dünýä rekordyny goýdy. Jorj Korones bu aralygy 56,12 sekuntda geçmegi başardy. Kwinslend ştatynda geçirilen bäsleşikde ol 100-104 ýaşly ýüzüjileriň hatarynda ýaryşa gatnaşdy. Korones şu ýylyň aprel aýynda 100 ýaşaýar. Bu ugurdaky rekord 2014-nji ýylda goýlupdy. Şonda britaniýaly Jon Harrison bu aralygy 1 minut 31 sekuntda geçmegi başarypdy. Bu gezekki bäsleşikde Jorj Koronesiň diňe ýeke özi ýüzdi. 50 metr aralyga ýüzüş diňe onuň üçin ýörite guraldy we oňa dünýä rekordyny täzelemäge mümkinçilik berildi.