• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Wagty kesgitleýän sagatlaryň döreýşi

 

 

Gadym zamanlarda wagty hasaplamak üçin dürli usullardan peýdalanylypdyr. Şol döwürlerde biziň ulanýan sagatlarymyzyň ornuna suw, gum sagatlary giňden ýaýrapdyr. Häzirki wagtda ulanylýan sagatlar haçan döredikä?! Elbetde, ilkinji sagatlaryň döreýşi barada bilmek gyzykly bolsa gerek. Häzirki sagatlar döredilmezinden öň adamlar wagty gün, aý-ýyldyzlar arkaly hasaplapdyrlar. Soňra wagtyň geçmegi bilen täze usullar ýüze çykyp başlapdyr. Suw sagatlary X asyra çenli ulanylypdyr. Ilkinji ulanylan sagatda 12 sany gapak ýerleşdirilipdir. Şonuň yzygiderli aýlanmagy netijesinde bir sagat geçenden soň, birinji gapak açylypdyr we içine belli bir möçberde suw dökülip, aşakda duran jaňlaryň ýaňlanmagyny emele getiripdir. Şeýle yzygiderlilikde aýlanyp, gapaklar gezekli gezegine açylypdyr. Bu düzgünden ugur alnyp, gum sagatlary döredilipdir. Ulanyşdan galdyrylan kakylýan jaňlary XIII asyrda Arhimed täzeden ulanmaga başlapdyr. Netijede, ýaňy döräp başlan sagatlar jaňlar bilen has-da baýlaşdyrylypdyr. Sagady ulanylyşa giňden ýaýradan angliýaly Kristian Hýugensdir. Ençeme ýyllaryň geçmegi bilen sagatlar has-da kämilleşdirilipdir. 1690-njy ýylda olar ýörite sany görkezýän dilleriň goşulmagy bilen baýlaşdyrylypdyr. Goşar sagatlarynyň ilkinji görnüşleri 1810-njy ýylda ýüze çykýar. 1968-nji ýylda bolsa ilkinji elektron sagatlar öndürilip başlanýar. Ony ilkinji ulanylyşa girizen Ýaponiýanyň Serko şereketidir. Häzirki ulanylýan sagatlar onuň iň kämilleşen görnüşleridir.